
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, RF-niň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny beýan edip, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus syýasy dialogynyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bitarap daşary syýasatyny we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny bildirip, öz tarapyndan iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hem-de strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin däp bolan dostlukly döwletara dialogyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.