
2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Kanunym, Baýdagym – goşa buýsanjym!” diýen at bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş eden harby gullukçylar şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň, agzybirligimiziň we abraý-mertebämiziň buýsançly nyşany Döwlet baýdagymyzyň, döwlet berkararlygymyzy, raýatlaryň azatlyklaryny kepillendirýän Baş Kanunymyzyň utgaşykly baýramy bilen ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Dabaranyň dowamynda bellenilişi ýaly, erkinligiň, özygtyýarlylygyň nyşany hökmünde asuda asmanymyzda belentde parlaýan ýaşyl Tugumyz ata-babalarymyzyň köpasyrlyk arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Nygtalyşy ýaly, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şeýle hem özbaşdaklygymyzyň we jebisligimiziň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza bolan buýsanç duýgusy biziň her birimizi Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Dabaranyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar mukaddes ýaşyl Baýdagymyzyň astynda mähriban halkymyzy belent sepgitlere alyp barýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.