Ýatlatmalar

B I L D I R I Ş

01.06.2021

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalşyrmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi! Täze Sanawy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi internet (www.migration.gov.tm) sahypasyndan öwrenip bilersiňiz!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişden geçýän pursatlary.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylaryna Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda ýokary harby atlaryň we döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasyndan pursatlar.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda iş pursaty
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda iş pursaty
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda dabaraly çäre
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda dabaraly çäre
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlaryň gowşurylyş dabarasy
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen bagtyýar adamlar
Aşgabat halkara howa menzili
Aşgabat halkara howa menzilindäki Migrasiýa gözegçilik nokady
Aşgabat halkara howa menzilindäki Migrasiýa gözegçilik nokady
Aşgabat halkara howa menzilindäki Migrasiýa gözegçilik nokady
Hazar innowasion tehnologiýalar sergisinden pursat
Hazar innowasion tehnologiýalar sergisinden pursat
Hazar innowasion tehnologiýalar sergisinden pursat
Mertleriň ýoly unudylmaýar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy – Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyny düzgünleşdirmek, migrasiýa babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän döwlet dolandyryş gullugy bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 6133 belgili karary esasynda Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugy ady bilen döredildi. Gullugyň ygtyýarlygyna Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlarynyň giriş-çykyşyny hasaba almak we olaryň hasabany ýöretmek, olara Türkmenistana gelmek-gitmek çakylyk hatlaryny hem-de wiza, ýaşamak üçin ygtyýarnama, işlemäge rugsatnama resmileşdirýär.

2004-nji ýyldan başlap, türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň Döwlet serhedinden çykyş-girişlerini hasaba almak hem-de 2005-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, Türkmenistanyň raýatlygyna dikeltmek, Türkmenistanyň raýatlygynda çykmak boýunça resminamalary kabul etmek we olary taýýarlamak, Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurda hemişelik ýaşamaga göçüp gitmek üçin rugsatnamalary resmileşdirmek bilen bagly işleri ýerine ýetirip başlady.

2008-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugynyň ady, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy diýlip üýtgedildi.

2005-nji ýyldan şu güne çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwerlik syýasaty netijesinde jemi 29697 sany raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

2008-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Halkara ülňelerine laýyk gelýän (IKAO) Türkmenistanyň raýatlaryna Biometrik maglumatly pasport resmileşdirilip başlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli welaýat müdirliklerinde we Aşgabat şäherinde hem-de etrap, şäher bölümlerinde Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlar resmileşdirilýär.

TDMG-y tarapyndan raýatlara hyzmat bermek üçin “Online hyzmatlary” bölümçesi döredildi. Bu bölümçede raýatlaryň wagtlaryny tygşytly ulanmalary üçin  Biometrik maglumatly pasport resmileşdirilende elektron ýüz tutmalary kabul edip başlady. Şeýle hem, ýüz tutmalaryň ýagdaýyny öwrenmek mümkinçiligi hem döredilen.

Bulardan başga-da, “Maglumat ibermek” bölümçesi döredilip, migrasiýa ulgamyna degişli soraglara gysga wagtyn içinde jogaplamak müňkinçiligi bar. Şeýle hem TDMG-nyň web saýtynda Türkmenistanyň syýasy we jemgyýetçilik wakalary bilen yzygiderli tanyşdyrýan türkmen, rus, iňlis dillerinde habarlar ýerleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanda sporty ösdürmeklik baradaky aladalaryndan ugur alyp, TDMG-da “Migrasiýa” woleýbol topary hem-de “Migrasiýa” futzal toparlary döredilen. Bu toparlar Türkmenistanyň çäginde, şeýle-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlarda (çempionatlarda) üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeleri gazanyp gelýär.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy – Wolsahatow Batyr Seýtgeldiýewiç 

 

 

 

MAGLUMAT IBERMEK
Gullugyň ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça soraglaryňyzy iberip maglumat alyp bilersiňiz.