Aşgabat diňe gözelligiň we ajaýyplygyň däl, eýsem bagtyýarlygyň hem merjen şäheridir. Dünýäniň çar künjeginden gelen syýahatçylaryň, ozaly bilen ýurdymyzda amala aşyrylýan bedew batly ösüş-özgerişlere, hususan-da baş şäherimiz Aşgabatda gurlan binalara, şeýle hem giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, şol sanda bagtyýar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine haýran galýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Gözel paýtagtymyzyň owadan görnüşli yşyklandyryjylary özüniň älemgoşar öwüşginleri bilen ynsan kalbyna ýakymly täsir edýän görnüşleri döredýär. Şeýle hem ýylyň ähli döwürlerinde gije-gündiz işläp duran suw çüwdürimlerine düşýän yşyklar paýtagtymyzyň owadan keşbine has-da gözellik çaýýar.
Her ýylyň 25-nji maýynda bolşy ýaly, bu ýyl Arkadag Serdarly bagtýar ýaşlar ýylynda hem “Aşgabat şäheriniň güni” hem-de ýurdumyzda okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Soňky jaň” dabaralarynyň bilelikde giňden bellenip geçilmegi türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn many-mazmuna eýedir. Şeýle ajaýyp günde gujagy gül çemenlerinden doly mekdep uçurymlarynyň säher bilen milli mukaddesliklerimize tagzym etmekleri milli buýsanjyň belentliginden, bagtyýar geljege ynamyň berkliginden, Watana söýgüniň çäksizliginden nyşandyr.
Täze taryhy eýýamda ak mermerli paýtagtymyz iri işewür we medeni merkez hökmündäki derejesini has-da pugtalandyryp, halkara hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde hem ykrar edildi we döwrebap, sazlaşykly ösýän şäher derejesine eýe boldy.
Ak şäherimiz Aşgabady parahatçylygyň, asudalygyň, rowaçlygyň, gözelligiň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde giňden tanadýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömriniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!