Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde, demirgazyk ýarym şarda ýerleşýär. Onyň çägi günbatardan gündogara tarap 1100 kilometre, günortadan demirgazyga bolsa 650 kilometre çenli uzalyp gidýär. Ol demirgazyk ýarym şaryň aram guşaklygynyň çöller zonasynda ýerleşýär.
Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,21 müň km² barabardyr. Onyň ýeriniň 80 göterime golaýyny Aziýanyň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum, galan bölegini bolsa baýyrlyklar, daglar, derýalar, köller, suw howdanlary, medeni oturymly ýerler tutýar.
Türkmenistan günortada Eýran, günorta-gündogarda Owganystan, demirgazykda Gazagystan, demirgazyk-gündogarda Özbegistan, demirgazyk-günbatarda bolsa Hazar deňzi boýunça Azerbaýjan we Russiýa bilen araçäkleşýär.