Ýatlatmalar

Farap, Saýat, Çärjew etraplarynyň hem-de Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary!

05.12.2017

2017-nji ýylyň 11-nji dekabryndan başlap ýokarda agzalan etraplaryň we Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirligine ýüz tutmalydygyňyzy habar berýäris.

Salgy: Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen  obasynyň Jeýhun köçesiniň 2-nji jaýy.

Siz biometriki pasport üçin ONLINE ýüz tutup bilersiňiz
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy
ICAO standartlaryna laýyk gelýän Türkmenistanyň resminamalary.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hünär okuw sapaklary.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň tapawutlanan harby gullukçylaryna sylaglary gowşurmak dabarasy
Aşgabat halkara howa menzili
Aşgabat Halkara Howa Menzilindäki Migrasiýa gözegçilik posty
Aşgabat halkara howa menzili
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara Türkmenistanyň raýatynyň pasportlary gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine döwlet sapary meýilleşdirildi

2017-nji ýylyň 15-16-njy martynda hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine döwlet sapary meýilleşdirildi. Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ynsanperwer gatnaşyklary, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly kuwwat hem-de mümkinçilikler bar.

Katar Döwleti bilen diplomatiki gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda Katar Döwletine bolan resmi saparynyň hem-de Kataryň Emiriniň geçen ýylyň mart aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge kuwwatly itergi berdi.

Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarlydyr.

MAGLUMAT IBERMEK
Gullugyň ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça soraglaryňyzy iberip maglumat alyp bilersiňiz.








captcha