Ýatlatmalar

Farap, Saýat, Çärjew etraplarynyň hem-de Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary!

05.12.2017

2017-nji ýylyň 11-nji dekabryndan başlap ýokarda agzalan etraplaryň we Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirligine ýüz tutmalydygyňyzy habar berýäris.

Salgy: Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen  obasynyň Jeýhun köçesiniň 2-nji jaýy.

Siz biometriki pasport üçin ONLINE ýüz tutup bilersiňiz
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy
ICAO standartlaryna laýyk gelýän Türkmenistanyň resminamalary.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hünär okuw sapaklary.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň tapawutlanan harby gullukçylaryna sylaglary gowşurmak dabarasy
Aşgabat halkara howa menzili
Aşgabat Halkara Howa Menzilindäki Migrasiýa gözegçilik posty
Aşgabat halkara howa menzili
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara Türkmenistanyň raýatynyň pasportlary gowşuryldy.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň tapawutlanan harby gullukçylaryna sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi

2016-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goramak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, kanunçylygy, hukuk tertibini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda Gullugyň harby gullukçylaryna döwlet sylaglary we harby derejeleri bilen sylaglamak çäresi geçirildi.

garashsyzlyk-chare-1

Garaşsyzlyk baýramy – munuň özi ajaýyp, röwşen we şadyýan baýramçylyk bolmak bilen, ýaşlarymyzy watançylyk we belent ahlaklylyk, ata Watanymyza buýsanjyň ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär.

Şu geçen 25 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ýylýazgysyna köp sanly şöhratly wakalar ýazyldy. Munuň özi Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ösmegi, onuň bütin dünýäde abraýynyň artmagy, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy, onuň daşary bazardaky ornunyň berkemegi bilen baglanyşyklydyr. Şu ýerde tanalmaz derejede özgeren Türkmenistanyň içindäki özgerişlikleri hem ýatlap geçmelidiris. Abadanlaşdyrylan şäherler we obalar täze keşbe eýe boldy, täze iri önümçilikler, durmuş we senagat desgalary ulanmaga berildi, tutuş pudaklar peýda boldy, döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçen çärýek asyryň dowamynda mähriban halkymyzyň yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti netijesinde, Bitarap Watanymyz dünýäniň kuwwatly we hemmetaraplaýyn durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Syýasy, ykdysady we medeni taýdan belent sepgitlere ýetdi. Ata Watanymyzyň dünýädäki abraýy hem yzygiderli ýokarlandy.garashsyzlyk-chare-2

Dabaranyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa edýän atalyk aladasy we yzygiderli ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň öňündäki mukaddes harby borjuny ak ýürek bilen ýerine ýetirjekdiklerine, türkmen döwletiniň milli bähbitleriniň goragynda berk durup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gaznananlaryny gözüniň göreji deý gorajakdyklaryna ynandyrdylar.

garashsyzlyk-chare-6

garashsyzlyk-chare-7

garashsyzlyk-chare-4

garashsyzlyk-chare-5

garashsyzlyk-chare-8

garashsyzlyk-chare-9

MAGLUMAT IBERMEK
Gullugyň ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça soraglaryňyzy iberip maglumat alyp bilersiňiz.








captcha