Daşary ýurt döwletlerine gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň şol döwletlerde berjaý etmeli düzgünleriniň tertibi hem-de adam söwdasynyň pidalaryndan ägä bolmak barada

                                                 

Salam hormatly adamlar!

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ynsanperwer içeri hem-de daşary syýasatlary netijesinde ýurdumyzda adam baradaky aladalar döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda „Türkmenistanda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy adamdyr“ diýlip bellenilip geçilýär. Biziň ýurdymyzyň  baş maksady Türkmenistanyň raýatlarynyň azatlygyny, erkinligini we hukuklaryny ýurduň çäginde we ýurduň çäginden daşarda goralmagy bolup durýar. Şeýle hem raýatlarymyzyň durmuş ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda täze zawodlar, fabrikler açylyp, ulanylmaga berilýär. Şunuň netijesinde ilatymyz üçin täze iş orunlary döredilýär, aýlyk zähmet haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Çagalarymyzyň bilim almaklary we sowatly adamlar bolmaklary üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýörite we ýokary okuw jaýlarynyň täze binalary gurulýar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly-bilimli, ösen dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri, şeýle hem türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt döwletlerinde okamak bilen, ol ýurtlaryň ýaşaýyş-durmuşy, medeniýeti bilen giňden tanyşmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalar yzygiderli kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiz özüniň her bir çykyşynda türkmen talyplarynyň daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini kämilleşdirip, Berkarar Döwletimiziň gülläp ösmeginde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmalydyklary barada belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde daşary ýurt döwletleri bilen ýola goýulýan halkara gatnaşyklarymyz esasynda ýurdumyzyň raýatlaryna dürli maksatlar bilen dünýä döwletlerine erkin gidip-gelmeklik üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan  dost-doganlyk gatnaşyklarymyz netijesinde  syýahatçylyk, işewürlik we beýleki maksatlar bilen ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlarynyň sany, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryna syýahat etmek, okamak, işlemek we dürli maksatlar bilen gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sany hem yzygiderli artýar. Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary we daşary ýurda gidýän Türkmenistanyň raýatlary babatynda gözegçiligi amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda uly işler alnyp barylýar. Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri hem ygtyýarly döwlet edaralary bilen bilelikde adam söwdasynyň pidalaryna garşy göreşmek boýunça sazlaşykly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçirilýän ýygnanyşyklarda adam söwdasynyň pidalaryna eltýän ýagdaýlar barada yzygiderli çykyş edýäris.

Asuda, parahat, abadan ýurdumyzda döredijilikli zähmet çekmäge, erkin ýaşamaga, dynç almaga giň mümkinçilikler döredilen. Muňa garamazdan ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesi, esasanam, ýaş oglanlar we gyzlar daşary ýurt döwletlerinde bolýan wagtlarynda şol ýurduň kanunçylygyny bozup, ýaşamaly salgysynda ýaşaman, wizasynyň möhletini uzaltman, resminamasyny ýitiren halatynda wagtynda ygtyýarly edaralara ýüz tutman we şuňa meňzeş düzgün bozulmalara ýol berip, daşary ýurt döwletlerinden çäklendirilip çykarylýarlar.

Esasanam, jelepçilikde saklanylyp ýa-da adam söwdasynyň pidasyna duş bolup, şol esasynda hem daşary ýurt döwletlerinden çäklendirilip çykarylýan raýatlarymyz bilen baglanyşykly ýagdaýlara hem duş gelýäris. Olar dürli hili aldawa salnyp, şol ýerde zähmet haky tölenmezden gul hökmünde işledilýärler. Birnäçe ýagdaýlarda adam söwdasy hökmünde üçünji ýurda geçirilýärler. Umuman, dünýä tejribesinde ýaşlaryň dürli hili aldawa salnyp gulçulyga sezewar edilmegi hem duş gelýän hadysalaryň biri bolup durýar. „Hünäriňiziň bolmagy hökman däl, size ýanyňyz bilen pul almagam gerek däl, biz hemme zady özümiz çekeris, siz diňe biz bilen gitseňiz bolýar“ ýa-da „Size ol ýerde ýeňiljek iş üçin artykmajy bilen hak tölärler, ýol harajadyňyzy, ýaşaýyş çykdajylaryňyzy özümiz töläris, biz bilen işe gitseňiz size ömrüňiziň bagtly geljegi garaşýar“ diýen ýaly ýakymly sözlere ynanyp adam söwdasynyň pidasy bolýarlar. Şeýle ýagdaýlaryň garşysyna, hormatly ene-atalar, biz ählimiz bir adam ýaly bolup göreş alyp barmaly we öz çagalarymyza işlemek üçin, ýurdumyzyň çaginde hem uly mümkinçilikleriň bardygyny düşündirmeli. Käbir halatlarda ýaşlaryň erbet niýetli adamlaryň aldawyna düşüp, aňsat eklenç gözläp, öz gül ömürlerini küle öwrüp, ýat ýurtlarda ellerinden resminamalaryny aldyryp gulçulyga, ezilmä, mejbury jynsy gatnaşyklarda bolmaga, hatda emeli enelige çenli ýaramaz hadysalara sezewar edilýändiklerine duş gelýäris. Daşary ýurt döwletlerine gidýän Türkmenistanyň raýatlary gitmeginiň maksadyny, bile gidýän ýoldaşynyň kimdigini, onuň nähili pikirdäki adamdygyny anyk bilmegi zerurdyr. Kä halatlarda olar aldawa düşüp, barýan ýurdunda gowy işiň bardygy, ýokary hak tölenýändigi baradaky ynandyryjy gürrüňler esasynda daşary ýurt döwletlerine gidip, dürli kynçylyklara duş gelýärler we köplenç ýagdaýlarda adam söwdasynyň pidasyna öwrülip, gulçulyga sezewar edilýärler we dürli maksatlar üçin peýdalanylýarlar. Olaryň resminamalary ellerinden alnyp, ezmek, ekspluatirlemek, jelepçilik maksatly ulanmak, gul-gyrnak edip satmak, beden agzalaryny transplantirlemek, emeli enelik hökmünde ulanmak, bergi bendiligi, mejbury zähmet işine çekmek ýaly dürli maksatlar üçin ulanylýarlar. Adamlar aldawa salnyp, jemgyýetden üzňe ýerlerde hak tölemezden agyr zähmet işine sezewar edilýärler. Elbetde, munuň özi örän gynandyryjy ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Şeýle ýagdaýlaryň bolmagy ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyna hem ýaramaz täsirini ýetirýär.

Dürli hili aňsat eklenji hödürleýän adamlardan ägä bolmaly, iş ýeriňizde ýa-da bolýan ýeriňizde hiç kime bir sebäp bilen pasportlaryňyzy bermeli däl!  Daşary ýurt döwletlerinde bolanyňyzda iş teklip edýän agentlikleriň resminamalarynyň we rugsatnamalarynyň hakykydygyna doly göz ýetirmeli. Şol agentlikleriň iş teklip etmäge hukugy barmy? Doly öwreniň! Öz boljak ýeriňiziň anyk salgysyny maşgala agzalaryňyza, garyndaşlaryňyza ýa-da dostlaryňyza aýdyp gidiň! Eger kimdir biri gul hökmünde mejbury işledýändir diýip pikir etseňiz, dessine degişli hukuk goraýjy edaralaryna ýa-da ygtyýarly guramalara habar bermelidigini unutmaň! Adam söwdasy bilen baglanyşykly geçirilmäge, gowşurylmaga, satylmaga ýa-da beýleki hereketlere razylygynyň bardygyna-ýokdugyna garamazdan, adam söwdasyndan heläkçilik çeken şahsadam söwdasynyň pidasyna öwrülýär.

Adam sowdasy – munuň özi ezmek (ekspluatirlemek) maksady bilen bir ýa-da birnäçe ýurduň çäginde adam toplamak, satyn almak, satmak, daşamak bilen baglanyşykly güýç ulanmak haýbaty ýa-da ony ulanmak bilen bir adamy ýa-da birnäçe adamy elden-ele bermek ýa-da saklamak, bergi bendiligine ýa-da mejbur etmegiň beýleki görnüşlerine çekmek, ogurlamak, aldamak, kezzapçylyk, berlen ygtyýardan hyýanatçylykly peýdalanmak ýa-da gowşaklyk ýagdaýyny peýdalanmak, täjirçilik maksatly ogullyga (gyzlyga) almak bilen olary bir adama gözegçilik edýän adamyň razyçylygyny almak üçin tölegler ýa-da bähbitler görnüşinde bermit bermek, şeýle hem jenaýaty düzýän beýleki usullary ulanmak bilen edilen hereketleriň jemidir. Daşary ýurt döwletlerinde bolanyňyzda adam söwdasynyň pidasy bolmakdan ägä boluň!

Daşary ýurt döwletlerine gidýän raýatlarymyz bolýan ýurdunyň kanunçylygyny pugta berjaý etmelidirler. Esasanam, daşary ýurt döwletlerine iş maksady bilen gidýän raýatlarymyzyň hökmany suratda şähmet şertnamasy ýa-da zähmet rugsatnamalary bolmalydyr.

Okuw maksatly daşary ýurtlara gidýän Türkmenistanyň raýatlary şol ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasyndan okuw maksatly wizalary resmileşdirip, ýurdumyzyň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen daşary ýurt döwletlerine gidýärler. Okuw maksatly daşary ýurt döwletlerine gidýän raýatlar migrasiýa gözegçilik postlaryndan geçenlerinde özleriniň barýan ýurtlary baradaky maglumatlary (barýan ýurdunyň we şäheriniň, okuw jaýynyň ady we anyk salgysy),  kim tarapyndan iberilendigi baradaky(döwlet ýa-da hususy tarapdan, haýsy kärhana tarapyndan), okuwy baradaky maglumatlary(okaýan kursy, okuwynyň möhleti, hünäri),  okuwynyň görnüşini (gündizki ýa-da gaýbana, tölegli ýa-da tölegsiz) we beýleki maglumatlary migrasiýa gözegçilik postlaryna anyk aýtmalydyrlar. Olaryň ýanynda  talyp şahadatnamalary, eger olar daşary ýurt döwletlerine ilkinji gezek gidýän bolsalar okuw jaýy tarapyndan berlen çakylyklary bolmalydyr we daşary ýurt döwletlerine baranlaryndan soň hökmany suratda konsullyk edaralarynda hasaba durmalydyrlar.

Türkmenistanyň raýatlary daşary ýurt döwletinde bolýan mahaly pasportyny  ýitiren halatynda, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryna  ýa-da konsullyk edaralaryna ýüz  tutmalydyrlar we Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin berilýän ýurduna dolanyş şahadatnamasyny almalydyrlar.

Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlary pasportlaryny örän aýawly saklamalydyrlar we olaryň ýitirilmegine, zaýalanmagyna  ýol bermeli däldirler. Elektron maglumaty özünde jemleýän pasportlary mikrosistemalaryň we elektromagnit tolkunly enjamlaryň ýanynda goýmaklyk, ýokary temperaturaly we çygly ýerlerde saklamaklyk pasportyň zaýalanmagyna getirýär we raýatlaryň ýurdumyzyň çägine girip-çykmagyna päsgelçilikler döredýär.

Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlary bolýan döwletleriniň kanunçylygyny berjaý etmäge borçludyrlar.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan raýatlarymyzyň daşary ýurt döwletlerine gitmekleriniň maksatlary yzygiderli seljerilýär we raýatlarymyzyň daşary ýurt döwletlerinde adam söwdasynyň pidasy bolmaklarynyň öňüni almak boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Raýatlarymyzyň birnäçesiniň käbir adamlaryň aldawyna düşüp, daşary ýurt döwletlerine geçirilmäge getirilende Gullugymyzyň işgärleri tarapyndan saklanylýarlar. Daşary ýurt döwletine gidip, ol ýerde adam söwdasynyň pidalaryna duş gelen käbir raýatlarymyzyň düşen agyr ýagdaýlary barada birnäçe mysallara ýüzlenmekçi:

Ýurdumyzyň raýaty bolan ýaş gyz maşgala daşary ýurtda girdejili işiň bardygy baradaky ynandyryjy gürrüňlere ynanyp, obadaşynyň yzyna düşüp, daşary ýurt döwletine gidýär. Obadaşy ony “Hiç hili pul almak gerek däl, işe duranyňdan soň aýlygyňdan üzlüşeris” diýip, ony aldap äkidýär.  Baranlaryndan soň resminamalaryny elinden alyp, özi gürüm-jürüm bolýar. Gowy aýlykly iş “wada berlip” äkidilen gyz ýerzemine çygly ýere taşlanylýar. Ýat ýurtda onuň hili tanaýany ýok. Ýerzeminden çykyp bilmän birnäçe gün aç saklanylýar. Soňra nätanyş erkek kişiler tarapyndan urlup-ýenjilip agyr kynçylyklara sezewar edilýär. Birnäçe aýlap kafeleriň birinde mugt işledilýär, synsy gatnaşyk maksatly ulanylýar. Soňra başga bir nätanyş adama birnäçe mukdardaky pula satylýar. Ol ýerde emeli enelik maksatly peýdalanylýar. Gaty agyr şertlerde ýaşaýar. Gysga wagtyň dowamynda saglygyna düýpli zeper ýetirýär, dürli agyr kesellere sezewar bolýar. Günleriň birinde oňa bolýan ýerinden gaçyp sypmak başardýar we Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki ygtyýarly edarasyna ýüz tutýar. Oňa ýurduna dolanyş şahadatnamasy resmileşdirilýär. Şeýle agyr kynçylyklary başdan geçiren şol maşgala öz ýurduna keselli ýagdaýda zordan dolanyp gelýär. Ine, ol maşgala adamlaryň arasynda abraýdan düşýär. Galyberse-de ýurdunyň abraýyna-da zelel ýetirýär.

Daşary ýurt döwletinde gowy zähmet hakynyň tölenýändigi baradaky gürrüňlere ynanyp, daşary ýurt döwletine giden ýaş ýigidiň hem resminamalary elinden alnyp, ilatly ýerden uzak bir ýere äkidilýär. Agyr zähmet şertlerinde işledilýär. Agaç kesdirilýär, agyr ýükler daşadylýar. Urlup horlanylýar. Ýokumsyz naharlary iýip, örän hapa suwlary içip, kyn ýagdaýda ýaşaýar. Wagtly-wagtynda ýuwnup bilmeýär we endamyna erbet ýaralar düşýär. Bir böwregini operasiýa edip alýarlar. Onuň bagtyna, bir gowy adam duş gelip, ony şähere alyp gidýär we ýurduna aşmagyna kömek edýär. Häzir ol ýigit ýylda iki wagtyna ýokanç keseller hassahanasynda bejergi alýar. Onuň saglygy öwerlikli däl. Ol ýaşlygyndan maýyp bolup, indi ol şu dünýäniň sapaly eşretini duýup bilenok.

Daşary ýurt döwletine okamak maksady bilen giden ýaş ýigit bolsa ol ýerde birnäçe mukdarda pula aldanyp, özge dini kabul edýär. Ene-atasy bilen habarlaşmaýar. Tomus dynç alşynda hem “Size azar bolmaýyn” diýen bahana bilen rugsada gelmeýär. Ol ters düşünjeli adamlaryň “toruna” mazaly çolaşýar. Indi oňa bu “nägehan melgunlardan” sypma ýok. Ene-atasy ogullaryny almak üçin daşary ýurt döwletine gidýärler. Olaryň öňünden çykman, gaýtam indi özüniň “dogry ýola” düşendigini, hiç wagt yzyna dolanyp barmajakdygyny aýdýar. Ekläp-saklap ulaldan perzentleriniň şeýle ýola düşmegi ene-atany “otdan alyp, suwa salýar”. Garabagyr ene bu agyr ýagdaýa tap getirip bilmän keselleýär we aradan çykýar. Oglunyň düşen gününe çuňňur gynanan kakasy bolsa agyr ruhy kesele sezewar bolup, ömürlik  maýyp bolup galýar.

Biz daşary ýurt döwletlerine gidip, adam söwdasynyň pidalaryna duş gelen käbir adamlaryň düşen agyr ýagdaýlary barada durup geçdik. Şeýle ýagdaýlara duş gelýän raýatlaryň sany bir ýa iki däl. Olar sanardan köp. Gül ömrüniň iň bir ajap çagynda,  gülüp-oýnap gezmeli wagtlarynda, Mähriban Watanymyzyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşup, asuda durmuşda ýaşamaga kanagat etmän, nebsiniň guly bolup, şeýle agyr durmuşy başdan geçirýän käbir ýaşlarymyza nebsiň-janyň agyrýar. Ähli gowy şertler, iň mukaddes zatlar, ajaýyp durmuş şu ýerde – Türkmenistan Watanymyzdadyr, mähriban ýaşlar! Berkarar döwletimiz ähli gowy şertleri halkymyzyň dowamaty bolan ýaşlara bagş edýär.

Hormatly adamlar! Gadyrly ene-atalar!

Öz çagalarymyzyň daşary ýurt döwletlerine gitmeginiň maksadyny doly anyklalyň! Olaryň kim bilen gidýändiklerini, anyk maksadyny doly öwreneliň! Olaryň adam pidasyna sezewar edilip bilinjek ýagdaýlarynyň öňüni alalyň! Çagalarymyzyň tertibini, her bir hereketini ünsden düşürmäliň! Ata-babalarymyzdan geýän watansöýüjilik, mertlik, gaýratlylyk, jogapkärçilik, ynsan mertebesine hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly we beýleki ajaýyp adamkärçilik sypatlarynyň kemala gelmegine giňden üns bereliň! Biziň çagalarymyza berýän terbiýämiziň mäkämligi bolsa geljekde olaryň dogry ýoly saýlap almaklaryna ýardam eder. Olaryň ylymlar dünýäsinden doly kämilleşip, Mähriban Watanymyzy jan-u-tenden söýmeklerini, ony gözüniň göreji ýaly gorap saklamaklaryny gazanalyň!  Magtymguly Atamyz:

“Messana ýörenden gaýry ýurtlarda,

Önüp-ösen öz ýurduňdan aýrylma.

Melul käkilik deý nebsiň ugrunda,

Dama düşüp, ganatyňdan aýrylma – diýip, eziz Watanymyzyň örän beýik mukaddeslikdigini beýän etse,  ata-babalarymyz “Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol!”  diýen nakylyň ýa-da

“Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar” ýaly setirleriň üsti bilen Watanyň ornuny hiç bir zadyň doduryp bilmeýändigini nygtap geçýär.

Mähriban ýigitler! Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýaşlar baradaky öwüt-ündewlerine wepaly bolmak üçin, ylymly-bilimli, edep-ekramly, hünärli ýigitler bolup ýetişeliň!   Gorkut ata, Görogly, Alp Arslan, Jelaleddin ýaly är ýigitler biziň halkymyzyň edermen ýigitleridir. Biz hem merdana şahsyýetlerimiziň watansöýüjilik, mertlik, gaýratlylyk, ygrarlylyk, adamkärçilik ýaly ajaýyp ýörelgelerini özümize nusga edineliň!

Hormatly gyz-gelinler! Siz – başymyzyň täji! Maşgala ojaklarymyzyň bezegi! Gyz-gelinlerimiz – halkymyzyň ary, namysy. Tumar şa, Burla hatyn, Agaýunus, Harmandäli ýaly akyl-paýhasly zenanlar biziň halkymyzyň taryhy geçmişinde gözelligiň, paýhaslylygyň, edep-ekramlylygyň, asyllylygyň, wepadarlygyň belent nusgasyny aýan etdiler.

Ajaýyp söz ussatlarymyz:

On sekizi dolup gelse kemala,

Näzli-näzli bakar her ýana gyzlar” ýa-da

 

Görsem ýüregimde gaý-tupan turar,

Görmesem, ýüregim mydam ah urar,

Alkymyňdan atyr ysy bark urar,

Gülabyň gaýmagy dodagyň seniň” diýen arzuwly setirleri Siziň şanyňyza bagyşlady. Halkymyzyň ar-namysyna gelişmeýän hereketlerden daşda duralyň, mähriban gelin-gyzlar!

Mähriban adamlar! Biz siziň her biriňize berk jan saglyk, işleriňizde uly üstünlikleri, maşgala ojaklaryňyzyň abadan bolmagyny arzuw edýäris!

Köp sag boluň!