Daşary ýurtlarda okaýan talyplarymyz üçin peýdaly maglumat

1)      Okamak maksady bilen daşary ýurtlara gidýän Türkmenistanyň raýatlary okaýan ýeriniň (ýurdunyň) Türkmenistandaky ilçihanasyndan talyp wizalaryny resmileşdirip, Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän hem-de Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetine güwä geçýän resminamalar boýunça ýurdumyzyň Döwlet serhediniň migrasiýa gözegçilik postunyň üsti bilen daşary ýurtlara gidýärler.

2)      “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlary öz ata-eneleriniň biri ýa-da beýleki kanuny wekiliniň biri bilen ýurduň çäginden gidip bilýärler, şunda ata-eneleriniň beýlekisiniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Türkmenistanyň 18 ýaşyna ýetmedik raýatlary ýany bilen gidýän adamyň adyna öz kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy boýunça şol wekiller ýany bilen gitmezden Türkmenistandan gidip bilerler. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty ýany bilen hiç kim gitmezden Türkmenistandan gidýän halatynda, onuň ýanynda kanuny wekilleriniň şol raýatyň gitjek senesini we barýan ýurduny görkezýän we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Kanuny wekili bolmadyk mahalynda kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner.

3)      Daşary ýurtlara okuwa barýan raýatlarymyz migrasiýa gözegçilik postlaryna gelende ýany bilen talyp şahadatnamalaryny, ilkinji gezek gidýänler - okuw jaýlary tarapyndan berlen çakylyklaryny hem almagy zerurdyr.

4)      Daşary ýurduň okuw jaýy tarapyndan berlen çakylykda okuwyň görnüşi (gündizki ýa-da gaýbana, tölegli ýa-da tölegsiz) baradaky maglumatlar görkezilmedik ýagdaýynda, daşary ýurda okuwa barýan Türkmenistanyň raýaty bu maglumatlary öňünden aýdyňlaşdyrmalydyr.

5)      Daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyz özüniň Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny örän aýawly saklamalydyrlar. Elektron maglumaty özünde jemleýän pasportlary mikrosistemalaryň we elektromagnit tolkunly enjamlaryň ýanynda goýmak, ýokary temperaturaly we çygly ýerlerde saklamak pasportyň zaýalanmagyna getirip biler.

6) Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary berýär.

7) Türkmenistanyň çäklerinden daşary gidýän Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwletiň goragy we howandarlygy kepillendirilýär.