"Migrasiýa hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek we Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

"Migrasiýa hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek we Türkmenistanyň käbir kanunçylyknamalaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda

 

I. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen "Migrasiýa hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 y., № 1, 41-nji madda) şu aşakdaky üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

 

1. 10-njy maddanyň üçünji böleginiň 6-njy we 11-nji bentlerini şu görnüşde beýan etmeli:

"6) Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin barylýan ýurda girmäge hukuk berýän resminamalara goşulan şahsy arzasy;";

"11) daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam wizany resmileşdirmezden Türkmenistana gelen we onuň çäginde bolýan halatynda, şeýle hem wizanyň hereket ediş möhletiniň tamamlanmagy,  wizanyň ýatyrylmagy we Türkmenistanda bolmaly möhletiniň gysgaldylmagy, beýleki esaslar bilen kesgitlenen Türkmenistanda bolmaly möhletiniň tamamlanmagy, pasportyny ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasyny ýitirmegi bilen baglanyşykly bolýan halatynda  şol adamlaryň çykyş wizasynyň berilmegi baradaky şahsy arzasy ýa-da Türkmenistanda kabul edýän ýuridik şahslaryň ýüztutmasy.".

 

2. 12-nji maddanyň birinji böleginiň üçünji tesiminiň birinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli:

"Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden girişi we çykyşy Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäkimigrasiýa gözegçilik postlarynda olaryň pasportlarynda ýa-da pasportlarynyň ornuny tutýan resminamalarynda Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň senesi hakyndaky möhürçe bilen bellik etmek arkaly hasaba alynýar.".

3. 13-nji maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

"3. Syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelеn daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde hasaba alynýar.".

 

4. 21-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

"1. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistana çagyrýan we kabul edýän ýuridik we fiziki şahslar daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklaryny we borçlaryny öz wagtynda düşündirmäge; olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmegini üpjün etmäge; olaryň wizasyny, Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamasyny, işlemäge rugsatnamasyny we Türkmenistanda bolmagy bilen baglanyşykly beýleki resminamalaryny resmileşdirmegiň hem-de olary uzaltmagyň, hasaba almagyň we onuň hereket ediş möhletini uzaltmagyň, olara hereket etmäge, ýaşaýan (bolýan), işleýän ýerini üýtgetmäge hukuk berýän resminamalaryny resmileşdirmegiň bellenilen tertibini berjaý etmäge; ýurtda bolmagyň kesgitlenen möhletiniň tamamlanmagy bilen hasapdan çykarmak üçin hem-de Türkmenistanyň çäginden gitmegi bilen baglanyşykly resminamalary resmileşdirmek boýunça çäreleri görmäge; şeýle hem olaryň işleýän, ýaşaýan (bolýan) ýeriniň salgysynyň üýtgändigi barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna wagtynda habar bermäge borçludyrlar.".

 

5. 24-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

"2. Eger Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly başga tertip bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň raýatlary barylýan ýurduň wizasy bar mahaly Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşen, halkara gatnawlary üçin açyk bolan gelip-gidýänlere gözegçilik postlarynyň üstünden Türkmenistandan gitmäge hukuk berýän hakyky resminamalar boýunça Türkmenistandan gidýärler, şunda olaryň pasportlarynda ýa-da pasportlarynyň ornuny tutýan resminamalarynda Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň senesi hakyndaky möhürçe arkaly bellik edilýär.".

 

6. 25-nji madda şu mazmunly ikinji tesimi goşmaly:

"Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda bellenilen tertipde daşary ýurt döwletlerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýärler.".

 

7. 26-njy maddanyň 2-nji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

"2. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik 14 ýaşdan 18 ýaşa çenli raýatlarynyň Türkmenistandan hemişelik ýaşajak ýerine gitmegi diňe olaryň ýazmaça görnüşde beýan edilen we kepillendiriş tertibinde güwä geçilen razylygy bar mahalynda amala aşyrylyp bilner.".

 

8. Şu mazmunly 321-nji maddany goşmaly:

"321-nji madda. Türkmenistanyň harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlarynyň we harby gullukçylarynyň Türkmenistandan gitmegi

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmaga degişli we ondan boşadylmadyk hem-de harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşirilmedik Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistandan gitmänkäler çagyryş boýunça harby gullugy geçmäge borçludyrlar, hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden daşary gidýän raýatlar muňa degişli däldir.

         2. Daşary ýurt döwletlerine wagtlaýyn gidýän, daşary ýurtlarda wagtlaýyn bolýan we Türkmenistanyňkanunçylygyna laýyklykda harby gulluga çagyrylmaga degişli Türkmenistanyň raýatlaryçagyryş hakyndaky habary alanlarynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletde çagyryş boýunça harby gullugy geçmek üçin Türkmenistana gelmäge borçludyrlar.

         3. Borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar hususy işleri boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Türkmenistandan gidýärler.".

 

9. 34-nji maddada:

üçünji bölegininiň 1-nji tesiminiň birinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli:

"3. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan gidýän Türkmenistanyň raýatlary özlerine we maşgala agzalaryna degişli emlägi, kanuny esaslarda edinen daşary ýurt puluny alyp gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde özleriniň eýeçilik hukuklaryndaky emläge, pul serişdelerine, gymmatly kagyzlaryna we banklarda saklanylýan özge gymmatlyklaryna eýelik etmäge haklydyrlar.";

dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

         "4. Türkmenistanyň raýatlary hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden gitmezinden öň Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslaryň öňündäki ähli bar bolan emläk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan gidýän Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistandan gitmäge rugsat almak üçin Türkmenistanda galýan ata-enelerinden, şeýle hem Türkmenistanda galýan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan ýagdaýynda olaryň Türkmenistandaky kanuny wekilinden aliment töleglerini töledip almak boýunça talaplaryň ýokdugy hakyndaky kepillendiriş tertibinde güwä geçilen arzany berýärler. Şol arzanyň haýsydyr bir sebäbe görä alnyp bilinmedik halatynda, Türkmenistandan gidýän Türkmenistanyň raýaty kazyýete ýüz tutmaga haklydyr, şunda kazyýet aliment borçnamalarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklaýar. Aliment borçnamalary bolan halatynda kazyýetiň çözgüdi boýunça şol borçnamalar birwagtda üzülişilip bilner ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda aliment borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibi bellenilip bilner.";

altynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

"6. Türkmenistandan gitmek hakynda arza bilen ýüz tutan Türkmenistanyň raýatlary we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan giden Türkmenistanyň raýatlary hemişelik ýaşamaga ýa-da belli bir wagtlyk Türkmenistana yzyna gaýdyp gelenlerinde, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kepillendirilýän ähli hukuklardan peýdalanýarlar we kanunda göz öňünde tutulan borçlary çekýärler.".

 II. 1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1995-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilen "Türkmenistanyň graždanlarynyň Türkmenistandan gitmeginiň we Türkmenistana gelmeginiň tertibi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 2, 13-nji madda);

2002-nji ýylyň 22-nji aprelinde kabul edilen "Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmeginiň we Türkmenistana gelmeginiň tertibi hakynda" 1995-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 2, 24-nji madda);

2003-nji ýylyň 14-nji iýunynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň VII bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 2, 10-njy madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri, 2013 ýylyň 4-nji maýy