Bildirişler

                                  

_____________________________________________________________________________________________

 

___________________________________________________________________________________

 

Daşary ýurtlarda okaýan talyplarymyz üçin peýdaly maglumat

1)      Okamak maksady bilen daşary ýurtlara gidýän Türkmenistanyň raýatlary okaýan ýeriniň (ýurdunyň) Türkmenistandaky ilçihanasyndan talyp wizalaryny resmileşdirip, Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän hem-de Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetine güwä geçýän resminamalar boýunça ýurdumyzyň Döwlet serhediniň migrasiýa gözegçilik postunyň üsti bilen daşary ýurtlara gidýärler. 

2)      “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlary öz ata-eneleriniň biri ýa-da beýleki kanuny wekiliniň biri bilen ýurduň çäginden gidip bilýärler, şunda ata-eneleriniň beýlekisiniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr. 

Türkmenistanyň 18 ýaşyna ýetmedik raýatlary ýany bilen gidýän adamyň adyna öz kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy boýunça şol wekiller ýany bilen gitmezden Türkmenistandan gidip bilerler. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty ýany bilen hiç kim gitmezden Türkmenistandan gidýän halatynda, onuň ýanynda kanuny wekilleriniň şol raýatyň gitjek senesini we barýan ýurduny görkezýän we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr. 

Kanuny wekili bolmadyk mahalynda kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner. 

3)      Daşary ýurtlara okuwa barýan raýatlarymyz migrasiýa gözegçilik postlaryna gelende ýany bilen talyp şahadatnamalaryny, ilkinji gezek gidýänler - okuw jaýlary tarapyndan berlen çakylyklaryny hem almagy zerurdyr. 

4)      Daşary ýurduň okuw jaýy tarapyndan berlen çakylykda okuwyň görnüşi (gündizki ýa-da gaýbana, tölegli ýa-da tölegsiz) baradaky maglumatlar görkezilmedik ýagdaýynda, daşary ýurda okuwa barýan Türkmenistanyň raýaty bu maglumatlary öňünden aýdyňlaşdyrmalydyr.

5)      Daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyz özüniň Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny örän aýawly saklamalydyrlar. Elektron maglumaty özünde jemleýän pasportlary mikrosistemalaryň we elektromagnit tolkunly enjamlaryň ýanynda goýmak, ýokary temperaturaly we çygly ýerlerde saklamak pasportyň zaýalanmagyna getirip biler.

6) Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary berýär.

 7) Türkmenistanyň çäklerinden daşary gidýän Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwletiň goragy we howandarlygy kepillendirilýär.

 


 


 

Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmagynyň tertibi hakynda Düzgünnama tassyklandy

“Migrasiýa hakynda ” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmak üçin daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda işlemäge rugsatnamasy bolmalydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2013-nji ýylyň 5-nji dekabrynda çykaran karary bilen Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmagynyň tertibi hakynda Düzgünnama tassyklandy. Bu resminama Türkmenistanyň kanunçylygyna, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmak üçin rugsatnamalary resmileşdirmegiň, bermegiň, olary bermekden ýüz döndermegiň, ýatyrmagyň, olaryň möhletini uzaltmagyň şertlerini we tertibini kesgitleýär.

            Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmagynyň tertibi hakynda Düzgünnamanyň esasy kadalary bilen www.migration.gov.tm web-saýtymyzyň “Hyzmatlar” bölüminde “Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmak” bölümçesinde giňişleýin tanyşyp bilersiňiz.

 


 

Adam söwdasyndan habardar bolmak zerurdyr! 

 Adam söwdasy dünýäde adamzada garşy jenaýat hasap edilýär. Ol agirt uly pul aýlanyşygy bilen guramaçylykly jenaýat bolup, dünýäniň köp ýurtlarynda duş gelýär. Ol esasan hem, ýurtlarda arzan işçi güýjüne bolan islegiň döremegi netijesinde ýüze çykýar. Adam söwdasy zorluk bilen jynsy gatnaşyklaryň, mejbury zähmetiň, gulçulygyň ýa-da bendiligiň pidasy bolmak bilen gutarýar.  

Adam söwdasynyň PIDASY nädip bolýarlar?  

Daşary ýurtlarda işlemek barada edilýän diýseň özüňe çekiji tekliplere aldawa düşenler, ýagny

1)     Olar size: “Hünäriňiz bolmagy hökman däl. Size ýanyňyz bilen pul almagam gerek däl, biz hemme zady özümiz gurarys, diňe biziň bilen gitseňiz bolýar”.

2)    Olar size ýeňiljek iş üçin artykmajy bilen hak alarsyňyz diýip aýdýarlar.

3)    Olar siziň ähli ýol harajatlaryňyzy we ýaşaýyş çykdajylaryňyzy tölemegi wada berýärler;

4)    Olar: “Puly soň gaýtaryp berersiň. Saňa bütin ömrüň geljegi garaşýar” diýýärler.  

Daşary ýurtda iş gözläňizde nädip özüňizi

HOWPDAN GORAMALY?  

Daşary ýurtlarda işlemek barada edilýän diýseň özüňe çekiji tekliplerden ägä boluň.

Size zerur iş gerekmi? Siz başga ýurda göçmegi meýilleşdirýäňizmi? Eger şeýle bolsa – öz hak-hukuklaryňyzy biliň we bu barada soraşdyryň.

Daşary ýurtda iş teklip edýän agentlikleriň resminamalarynyň we rugsatnamalarynyň hakykydygyny hemişe barlamagy unutmaň. Şol agentlikleriň iş teklip etmäge hukuklary barmy? Doly öwreniň.

Iş ýeriňizde ýa-da bolýan ýeriňizde hiç kime hiç bir sebäp bilen öz pasportyňyzy bermäň!

Özüňiziň boljak ýeriňiziň anyk salgysyny maşgala agzalaryňyza, garyndaşlaryňyza ýa-da dostlaryňyza berip gidiň!

Eger kimdir birini gul hökmünde mejbury işleýändir diýip pikir etseňiz, dessine degişli hukuk goraýjy edaralaryna ýa-da ygtyýarly guramalara habar bermelidigiňizi UNUTMAŇ!

 


 

Kämillik ýaşyna ýetmedik we kanunda bellenilen tertipde ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň arzalaryny kabul etmek we pasportlaryny bermek;

 

Kämillik ýaşyna ýetmedik we kanunda bellenilen tertipde ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň arzalary kabul edilende we pasportlary berlende olaryň özleriniň hem-de ata-eneleriniň (kanuny wekilleriniň) biriniň gatnaşmagy hökmandyr!

 


 

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin  pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawy täze görnüşde tassyklandy.

 

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin  pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawy täze görnüşde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2013-nji 10-njy awgustynda çykaran buýrugy bilen tassyklandy we 2013-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda 702 san bilen Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alyndy. Sanaw Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralarynyň işinde ulanyp başlandy.

 


 

Russiýa Federasiýasynyň raýatynyň pasportynyň eýesi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny resmileşdirmek;

 

2013-nji ýylyň 17-nji iýunyndan başlap, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Russiýa Federasiýasynyň raýatynyň pasportynyň eýesi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny resmileşdirip başlaýar.

 


 

Daşary ýurtlara Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasporty esasynda gitmek;

 

2013-nji ýylyň 10-njy iýulyndan başlap Türkmenistanyň  raýatlary daşary ýurtlara diňe Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasporty esasynda gidip bilerler.

Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasporty Türkmenistanyň     Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan  resmileşdirilýändigini habar berýäris.

 


 

Daşary ýurtlarda okaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny resmileşdirmek.

 

 

Daşary ýurtlarda okaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak baradaky arzalary migrasiýa gullugynyň degişli edaralarynda nobatsyz kabul edilýär we olara pasportlar 15 günüň dowamynda resmileşdirilýär.

 


 

2013-nji ýylda daşary ýurtlara okuwa ugradylýan talyplarymyzа Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny resmileşdirmek. 

 

 

Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan 2013-nji ýylda daşary ýurtlara okuwa ugradylýan talyplarymyzyň Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasporty almak baradaky arzalarynyň bellenen tertipde tabşyrylmagy üpjün edilen halatynda, talyplara gyssagly tertipde 3 iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan pasportlaryň resmileşdiriljekdigi barada habar berýäris.