Daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin talap edilýän resminamalar

1. Diplomatik, gulluk, işewürlik we talyp wizalary boýunça, şeýle-de halkara ylalaşyklar esasynda wiza resmileşdirmezden Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin şu resminamalar talap edilýär:

a)     kabul ediji edara görnüşli tarapyň bellenen görnüşde ýüztutma haty;

b)    1 (bir) sany reňkli fotosurat (3x4sm möçberde);

c)     daşary ýurt raýatynyň Türkmenistanyň çäginde bolýan ýeri barada resminamalar*;

d)    kabul ediji edara görnüşli tarapyň wekiliniň ynanç haty (ýylda bir gezek alynýar).

 

2. Hususy wizalar boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin şu resminamalar talap edilýär:

a)     daşary ýurt raýatynyň bellenen görnüşdäki şahsy arzasy;

b)    1(bir) sany reňkli fotosurat (3x4sm möçberde);

c)     daşary ýurt raýatynyň pasporty (ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminama);

d)    çagyrýan şahsy tarapyň pasportynyň nusgasy;

e)     daşary ýurt raýatyna hususy wiza telegramma esasynda resmileşdirilen bolsa, telegrammanyň nusgasy;

f)      daşary ýurt raýatyna hususy wiza Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna ýa-da konsullyk edaralaryna ýüztutmasy esasynda resmileşdirilen we Türkmenistanyň çäklerinde kabul ediji tarap ýok bolsa, bolýan ýeri barada resminamalar.

 

3. Bejeriş maksatly wizalar boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin şu resminamalar talap edilýär:

a)     daşary ýurt raýatynyň bellenen görnüşdäki şahsy arzasy;

b)    1(bir) sany reňkli fotosurat (3x4sm möçberde);

c)     daşary ýurt raýatynyň pasporty (ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminama);

d)    eger daşary ýurt raýatyna bejeriş maksatly wiza Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna ýa-da konsullyk edaralaryna ýüztutmasy esasynda resmileşdirilen we Türkmenistanyň çäklerinde kabul ediji tarap ýok bolsa, bolýan ýeri barada resminamalar.

e)     Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan daşary ýurt raýatyna berlen ýarawsyzlygy barada resminama.

 

4Sürüjilik wizasy boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin şu resminamalar talap edilýär:

kabul ediji tarapyň bellenen görnüşde ýüztutma haty;

a)     1 (bir) sany reňkli fotosurat (3x4sm möçberde);

b)    “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň berýän bir gezekleýin rugsatnamasynyň nusgasy;

c)     Haryt ulag resminamasynyň nusgasy;

d)    sürüjilik şahadatnamasynyň nusgasy;

e)     awtoulag serişdeleriniň tehniki pasportynyň nusgasy;

f)      daşary ýurt raýatynyň pasporty (ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminama);

g)     kabul ediji tarapyň wekiliniň ynanç haty.

     Aýratyn halatlarda sürüji şahsy arzasy ýa-da awtoulag serişdesiniň durýan awtoduralgasynyň ýüztutmasy esasynda hasaba alnyp bilner.

 

5. Üstaşyr geçmek üçin wiza esasynda Türkmenistana gelen we ýurduň çäginde giren gününi hasaplamazdan, 5 (bäş) günden köp bolýan daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin şu resminamalar talap edilýär:

a)     daşary ýurt raýatynyň bellenen görnüşdäki şahsy arzasy;

b)    1 (bir) sany reňkli fotosurat (3x4sm möçberde);

c)     daşary ýurt raýatynyň pasporty (ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminama).

Daşary ýurt raýatyna wiza Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna ýa-da konsullyk edaralaryna ýüztutmasy esasynda resmileşdirilen bolsa, çakylyk hatynyň nusgasy talap edilmeýär.

Gitmek üçin wiza resmileşdirilen daşary ýurt raýatlary hasaba alynmaga degişli däldir.

*Daşary ýurt raýatynyň Türkmenistanyň çäginde bolýan ýeri barada resminamalar:

  • myhmanhanada bolýan bolsa - şol myhmanhanadan bolýandygy barada kepilnama (talyp wiza girmeýär);
  • kärendä alnan hususy jaýda bolýan bolsa - şol jaýy kärendä alandygy baradaky şertnamanyň nusgasy, jaýyň eýesiniň patentiniň nusgasy, patentiň eýesi kärendä berilýän jaýyň eýesi bolmasa, onda bellenen tertipde döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan jaýyň eýesinden patentiň eýesiniň adyna berlen kärende bermäge hukuk berýän ynanç hatynyň nusgasy, jaýyň eýesiniň we patentiň eýesiniň pasportlarynyň nusgalary, jaýa eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy: jaýy satyn almak-satmak şertnamasynyň nusgasy, tükelleýiş işiniň we ýaşaýyş jaýynyň öý kitabynyň nusgalary, şeýle hem jaýa eýeçilik hukugyny tassyklaýan beýleki resminamalary (deňeşdirmek üçin sanalan resminamalaryň nusgalary bilen birlikde asyl nusgalaryny hem bermeli);
  • garyndaşynyňkyda bolýan bolsa - garyndaşlygyny tassyklaýan resminama; 
  • ilçihananyň rezidensiýasynda bolýan bolsa - ilçihanadan bu ýagdaýy tassyklaýan kepilnama;
  • talyplaryň okuw mekdepleriniň umumyýaşaýyş jaýlarynda bolýan halatlarynda
  • şol okuw mekdebinden bu ýagdaýy tassyklaýan kepilnama;