Pakistanyň hökümet ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady

2017-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasmynyň Premýer ministri Muhammad Nawaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Pakistanyň hökümet Baştutany döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady we jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçy düzümine mähirli sözlerini aýtdy hem-de Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletleri, aýratyn-da, diňe bir çäk taýdan ýakynlyk däl, eýsem, çuňňur taryhy kökleri, medeni we däp-dessur umumylyklary bolan Pakistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplar ýurduň ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, diňe bir sebitde däl, bütin dünýäde hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýeti barada aýtdylar. Hormatly Prezidentimiz we Pakistanyň Premýer-ministri medeni -ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada bir pikire geldiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar Türkmenistanyň we Pakistanyň häzirki zamanyň ählumumy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen belläp, onuň iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat boljakdygyny aýtdylar. Bu bolsa parahatçylygy, durnuklylygy we sazlaşykly ösüşi üpjün etmek maksady bilen umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyny şertendirer.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Pakistanyň hökümet Baştutany dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.