Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Milli Liderimiziň galamyndan çykan nobatdaky eserde Türkmenistanyň häzirki zaman Ýaragly Güýçleriniň alyp barýan işlerine ylmy taýdan harby-taryhy seljerme berilýär. Onda awtoryň milli ýörelgeler baradaky düýpli garaýyşlary, getirilen atalar sözlerinde, nakyllarda we pähimlerde bu ugra degişli halk pähimleriniň toplumy beýan edilýär. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Watany goramaga degişli borçlar barada pikir ýöredip, eseriniň ilkinji bölümlerinde milli ruhy-taryhy tejribä ýüzlenýär. Bu tejribe türkmenleriň harby sungatynda hem-de watançylyk dünýägaraýşynyň kemala getirilmeginde beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyz milli däp-dessurlarymyzyň çeşmelerini, oňa binýat bolup hyzmat eden beýleki şertleri giňden seljermek bilen, ene toprak bilen tebigy-genetik baglanyşygyň esasy pursatlaryny belleýär. Şunda ata-babalarymyz beýleki halklar bilen aragatnaşykda ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly usullar bilen çözmäge çalşypdyrlar, muňa milletimiziň taryhynda mysallar az däldir, ýazuw çeşmelerinde we köp sanly halk rowaýatlarynda şeýle ýagdaýlar barada aýdylýar.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabyndan baý anyk maglumatlary mysal hökmünde getirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň çuňňur manysynyň neşirde çeper we düşnükli görnüşde açylyp görkezilýändigini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň birnäçe bölümleri gaýduwsyz atly esgerlerimize bagyşlanýar. Harby gullukçylaryň çykyşlarynda türkmen atly ýigitleriniň şöhratly ahalteke bedewlerine goýýan belent sarpasy nygtaldy. Awtoryň behişdi bedewlere - asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepadar hemrasyna bolan tolgundyryjy we belent sarpasyny äşgär açyp görkezýän adalgalar ünsi özüne çekýär. Bu tolgundyryjy, ruhlandyryjy beýan ediş usuly ajaýyp bedewleriň täsin gözelligini beýan edýän dürli fotosuratlar arkaly has-da uly täsire eýe bolýar.

 

Çykyş eden harby gullukçylar kitabyň ägirt uly watançylyk hem-de täsirli terbiýeçilik ähmiýetini, onuň ýaş harby gullukçylary taýýarlamak, olaryň syýasy aňyýetini ösdürmek, işjeň raýatlyk ornuny pugtalandyrmak we söweşjeň ruhuny belende götermek işinde uly ornunyň boljakdygyny bellediler.

Neşir 13 bölümi hem-de taryhy resminamalaryň sanawuny öz içine alýar. Kitap ajaýyp fotosuratlar bilen bezelipdir, olar milli Liderimiziň baştutanlygynda harby işi guramak boýunça geçirilýän özgertmeleriň üstünlige beslenýändigi, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň barha artýandygy, döwletimiziň harby gullukçylarynyň mynasyp durmuşy, okamagy, zähmet çekmegi we ýaşamagy üçin iň gowy şertleri döredýändigi barada aýdyň düşünje berýär.