Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyna bagyşlanylan bilelikdäki kosert

Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazla-darama teatrynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen we hytaý sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sun Weýdun baýramçylyk konsertine gatnaşyjylary we tomaşaçylary mübärekläp, biziň halklarymyzyň dostlugynyň çuňňur köklerini belledi. Şol gözbaşlar iki ýurduň hem Beýik Ýüpek ýoly bilen ysnyşykly baglanyşykly bolan mahaly iki müň ýyldan gowrak döwre barabardyr. Sun Weýdunyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman tapgyrda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegi syýasy taýdan ynanyşmagyň ýokary derejesi, iki döwletiň Liderleriniň - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň berk dostlugy, ýurtlarymyzyň ösüş strategiýasynyň gabat gelmegi we halklaryň däp bolan dostlugy goramaga hem-de ony geljekki nesillere ýetirmäge bolan islegleri bilen şertlenendir.  

Soňra bolup geçen dostluk konsertiniň maksatnamasyny türkmen we hytaý artistleriniň ajaýyp çykyşlary düzdi. Aýdym-saz, horeografiýa we akrobatika, folklor çykyşlary hem-de häzirki zaman estrada aýdymlary şol maksatnama girdi.

Hytaýyň Sinszýan-Uýgyr awtonom etrabynyň “Suar” tans we aýdymçy toparynyň artistleri gyzykly we çylşyrymly çykyşlary bilen tomaşaçylary bendi etdiler. “Suar” döredijilik topary Hytaýda iň gadymylaryň biri  bolup, ol 1949-njy ýylda esaslandyryldy hem-de milletleriň 12-sini, şol sanda uýgurlary, hanlary, gazaklary we beýlekileri birleşdirýär. Topar dünýäniň 90-dan gowrak ýurdunda, şol sanda Fransiýada, Niderlandlarda, Belgiýada, ABŞ-da, Awstraliýada, Täze Zelandiýada we beýlekilerde bolup çykyş etmek bilen, örän köp janköýerlerini gazandy.

Görnükli türkmen aýdymçylary hem-de “Aşgabat” tans topary we “Galkynyş” halk döredijilik topary sazlaşykly goşulmak bilen myhmanlaryň çykyşlarynyň üstüni ýetirdi. Sahnada bilelikdäki konserte gatnaşyjylaryň ählisini bir ýere jemlän, “Türkmenistan” atly watançylyk aýdymy türkmen-hytaý dostluk baýramçylygynyň  jemleýji bölegine öwrüldi.

Dostlukly ýurduň artistleri şeýle hem paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary  hem-de Aşgabadyň beýleki gözellikleri bilen tanyşdylar.