Türkmenistanda gaçybatalga bermek

Adamyň bosgun diýlip ykrar edilmeginiň tertibi we şertleri 

1. Bosgun – jynsy, dine garaýşy, raýatlyk alamaty, jemgyýetiň belli bir gatlagyna degişliligi boýunça ýa-da syýasy ygtykady sebäpli yzarlamalaryň pidasy bolmakdan doly esaslandyrylan howatyrlanmalary netijesinde Türkmenistanda bolýan we öz ýurdunyň goragyndan peýdalanyp bilmeýän, ýa-da şeýle howatyrlanmalar sebäpli şeýle goragdan peýdalanmak islemeýän, ýa-da belli bir raýatlygy bolman we şeýle ýagdaýlaryň netijesinde öz öňki adaty ýaşaýan ýurdunyň çäklerinden daşarda bolmak bilen, şeýle howatyrlanmalar sebäpli oňa dolanyp baryp bilmeýän, ýa-da dolanmak islemeýän adam.

2. bosgun şahsyýetnamasy – Türkmenistanda bosgun statusy berlen adamyň şahsyýetini tassyklaýan, bellenilen nusgadaky resminama.

3. bosgunyň ýol resminamasy –bosguna Türkmenistandan gitmegine we Türkmenistana gelmegine hukuk berýän, bellenilen nusgadaky resminama.

4. bosgun statusy –Türkmenistanda bosgun diýlip ykrar edilen adamyň Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen hukuk ýagdaýy.

5. Bosgunyň hukuklarynyň kepillikleri

Eger adam, öz janyna ýa-da azatlygyna howp abanan çäkden gelip, özünе bosgun statusynyň berilmegi hakynda Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekillerine gaýragoýmazdan towakganama bilen ýüz tutsa, ol Türkmenistanyň çägine bikanun girendigi we onda bikanun bolandygy üçin jogapkärçilikden boşadylýar.

Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygynyň ýa-da jemgyýetçilik tertibiniň bähbitleriniň goralmagy bilen baglanyşykly bolan halatlardan başga ýagdaýlarda bosgun öz erkiniň garşysyna terk edip gaýdan ýurduna yzyna gaýtarylyp bilinmez.

6. Towakganama berilmegi

 Adam bosgun statusyny almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna towakganama bilen ýüz tutmaga borçludyr.

 Bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama berlen gününden, ol migrasiýa gullugynyň edarasy tarapyndan şeýle towakganamanyň hasaba alnandygy barada wagtlaýyn şahadatnamanyň berilmegi bilen hasaba alynmalydyr.

7. Bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama garamagyň tertibi

Bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama  garamak towakganamanyň berlen gününden başlap üç aýyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

 Bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama garamagyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylandan soň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy aşakdaky çözgütlerden birini kabul edýär:

  • bosgun statusyny bermek hakynda;
  • bosgun statusyny bermekden ýüz döndermek hakynda.

Bosgun statusy berlen adama on günüň dowamynda bellenilen görnüşdäki şahsyýetnama berilýär. Bosgun statusy berlen adamyň ýüz tutmagy esasynda oňa ýol resminamasy berilýär.

8. Bosgun statusynyň berilmeýän şertleri

Özi babatda şu aşakdakylary çak etmäge düýpli esaslar bolan adama bosgun statusy berilmeýär, ýagny eger ol:

  • parahatçylyga garşy jenaýat, harby jenaýat ýa-da şeýle jenaýatlar babatda çäreler görmek maksady bilen düzülen halkara namalarynda şol etmişlere çäre görmek üçin berlen kesgitlemede adamzadyň garşysyna jenaýat eden bolsa;
  • bosgun hökmünde Türkmenistana goýberilmezinden öň Türkmenistanyň çäginden daşarda syýasy häsiýeti bolmadyk agyr jenaýaty eden bolsa;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ters gelýän hereketleri amala aşyrmakda günäkär bolsa.

Bosgun statusy şeýle hem şu ýagdaýlarda berilmeýär:

  • onuň ýaşaýan döwletiniň ygtyýarly häkimiýet edaralary  tarapyndan şol döwletiň raýatlygy bilen baglanyşykly hukuklar we borçlar ykrar we üpjün edilýän bolsa;
  • ol Türkmenistana gelmezinden öň bolan döwletinde bellenilen tertipde gaçybatalga alyp biljek ýa-da bosgun statusyny resmileşdirip biljek bolsa, ýa-da oňa gaçybatalga berlen bolsa.

9. Bosgun statusynyň ýitirilmegi we ondan mahrum edilmegi

 Adam bosgun statusyny şu ýagdaýlarda ýitirýär, eger ol:

  • özüniň raýatlygy degişli bolan ýurdunyň goragyndan meýletin gaýtadan peýdalanan bolsa, ýa-da
  • öz raýatlygyndan mahrum bolup, ony ýene-de meýletin edinen bolsa, ýa-da
  • täze raýatlygy edinen bolsa we öz täze raýatlygyny alan döwletiniň goragyndan peýdalanýan bolsa, ýa-da
  • yzarlanmadan howatyrlanmalar netijesinde terk edip ýa-da öz ýurdunyň çäklerinden daşarda bolup, soňra öz terk edip gaýdan ýurdunda ýene-de ornaşan bolsa, ýa-da 
  • özüniň raýatlygy degişli bolan ýurdunyň goragyndan peýdalanmakdan mundan beýläk ýüz öwrüp bilmese ýa-da onuň bosgun diýlip ykrar edilen ýagdaýlary mundan beýläk bolmasa.

 

 Adam bosgun statusyndan şu ýagdaýlarda mahrum edilýär, eger ol:

  • göz-görtele ýalan maglumatlary ýa-da galp resminamalary bermegi netijesinde bosgun statusyny edinen bolsa;
  • Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygyna ýa-da jemgyýetçilik tertibine howp salýan işe gatnaşýan bolsa;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ters gelýän işe gatnaşýan bolsa.

10. Bosgunyň hukuklary

Bosgun statusy berlen adam şu aşakdaky hukuklardan peýdalanýar:

  • ilatly ýerleriň hödürlenen sanawyndan ýaşajak ýerini saýlamaga;
  • öz garyndaşlarynyň ýanynda olaryň razylygy bilen ýaşajak ýerini saýlamaga;
  • daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan şertlerde zähmet çekmäge, emläk  edinmäge;
  • bilim almaga;
  • medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmaga;
  • dini dessurlary erkin ýerine ýetirmäge;
  • degişli edaralaryň ýardam etmeginde öz ýurdunda ýaşaýan garyndaşlary hakynda we şol ýerde galdyrylan emlägi hakynda habar almaga;
  • Türkmenistanyň çäginde onuň özi bilen getiren emlägini, şeýle hem oňa ýaşamak üçin girmäge hukuk berlen başga ýurda gazanan emlägini alyp gitmäge;
  • öz öňki ýaşaýan ýurduna meýletin dolanyp barmaga ýa-da islendik üçünji ýurda göçüp gitmäge;
  • at-abraýyna, mertebesine we azatlygyna, janyna we saglygyna, ýaşaýan jaýyna, şeýle hem emläk hem-de emläk däl şahsy hukuklarynyň kazyýet goragyna;
  • Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň raýatlygyny edinmäge.

11. Bosgunyň borçlary

Bosgun Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmäge, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge, Türkmenistanyň halkynyň milli däp-dessurlaryny hormatlamaga borçludyr.