Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama

1. Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde berlen, daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara olaryň şahsyýetini tassyklaýan we Türkmenistanda ýaşamaga hukuk berýän resminama;

2. Ýaşamak üçin ygtyýarnama möhletleýin berilýär.

3. Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama alan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmäge hukuk berýän resminamalary bilen Türkmenistana wiza resmileşdirmezden gelýärler we onda bolýarlar. Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama Türkmenistanyň Döwlet serhedinden köp gezek geçmäge hukuk berýär.

4. Türkmenistana ýaşamak üçin gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň gelmegi we onda bolmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýar.

5. Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almaga isleg bildirýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna ýazylan towakganamany berýärler.

6. Kämillik ukyby bolan, 18 ýaşydolan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak hakynda towakga etmäge hukugy bardyr.

7. Ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak üçin şu esaslaryň biriniň bolmagy hökmanydyr:

  • milletiniň türkmen bolmagy;
  • Türkmenistanyň raýaty bilen nika baglaşylmagy;
  • Türkmenistanyň raýaty bolup durýan ýakyn garyndaşlarynyň (är-aýalynyň, atasynyň we enesiniň, babasynyň we mamasynyň, ata-enesiniň, erkek doganynyň, uýasynyň, çagalarynyň, şol sanda perzentlige alnan çagalarynyň, agtyklarynyň) Türkmenistanda ýaşamagy;
  • Türkmenistanyň raýatlaryna hossarlygyň we howandarlygyň bellenen tertipde resmileşdirilmegi;
  • Türkmenistanyň ykdysadyýetine azyndan ABŞ-nyň 500 müň dollary möçberinde maýa goýulmagy;
  • dürli ugurlarda ýokary hünäriniň, şeýle hem ylym, medeniýet, sungat we sport babatda gazanan uly üstünlikleriniň bolmagy hem-de şolaryň Türkmenistanyň bähbitleri üçin peýdalanylyp bilinmegi;
  • GDA-nyň ýurtlaryndan gelen, GDA-nyň ýurtlary bilen wiza düzgüni girizilýänçä Türkmenistanda ýazga alnan GDA-nyň ýurtlarynyň raýatlary ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlar bolmagy.

 

8. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar iki ýyldan az bolmadyk möhletde Türkmenistanyň çäginde ýaşandan soň ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak üçin ýüz tutup bilerler.

9. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda bolýan we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almaga isleg bildirýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna degişli towakganama berýärler.

10. Ata-enelere ýa-da olaryň birine berlen ýaşamak üçin ygtyýarnama 16 ýaşyna ýetmedik (şol sanda perzentlige alnan) çagalaryna hem degişli edilýär. Аta-eneleriniň ýa-da olaryň biriniň Türkmenistandaýaşamak üçin ygtyýarnamasy bar mahaly 16 ýaşy dolan çagalara ata-enelerinden biriniň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen arzasy esasyndaýaşamak üçin ygtyýarnama Wizalaryň berlişine gözegçilik baradaky topar bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilýär.

11. Daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna arza bilen ýüz tutýar.

12. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň çalşyrylmagy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

13. Ýaşamak üçin ygtyýarnama şu halatlarda çalşyrylýar:

  • daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň şahsy maglumatlarynyň üýtgemegi netijesinde onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy çalşyrylsa ýa-da şol resminama üýtgetmeler girizilse;
  • ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda;
  • ulanmaga ýaramsyz ýagdaýda bolanda;
  • bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar gutaranda.