Wizalary resmileşdirmek we uzaltmak


Wizalary bermek we olaryň hereket ediş möhletini uzaltmak

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistana gelmek üçin wiza esasynda Türkmenistanyň çäklerine gelip we onda bolup bilerler.

Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem olary çagyrýan ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistana gelmek üçin we Türkmenistandan gitmek üçin wizalary resmileşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna:

Türkmenistanyň çäklerinde - Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerlerdäki degişli bölümleriniň üsti bilen;

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda - Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleriniň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen ýüz tutýar.

Wizalar ýuridik we fiziki şahslaryň ýazmaça ýüz tutmalary esasynda berilýär.

Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň wizanyň we Türkmenistanda işlemäge rugsatnamanyň möhletini uzaltmak hakynda towakga etmäge haky bardyr. 

Wizalaryň derejeleri we görnüşleri

 1. Wizalaryň şu derejeleri bolýar:

      a) Diplomatik wiza-DP;

      b) Gulluk wiza-OF;

      c) Işewürlik wiza-BS;

      d) Işçi wiza-WP

      e) Hususy wiza-PR;

      f) Talyp wiza-ST;

      g) Syýahatçylyk wiza-TU;

      h) Üstaşyr geçmek üçin wiza-TR;

      i) Saglygy bejeriş wiza-HL;

      j) Sürüjilik wiza-DR;

      k) Çykyş wiza-EX.

 

 Wizalaryň şu görnüşleri bolýar:

      a) bir gezeklik, iki gezeklik;

      b) köp gezeklik.

 

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin Türkmenistana gelmäge we Türkmenistandan gitmäge wizalary bermek hem-de wizalaryň hereket ediş möhletini uzaltmak üçin şu aşakdakylar esas bolup durýar:

  1. daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we şolar bilen deňleşdirilen wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň işgärleri, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen daşary ýurt žurnalistleri, şeýle hem olaryň maşgala agzalary üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen wekilçilik şahadatnamasy we şol wekilhanalaryň, edaralaryň hem-de guramalaryň ýazmaça ýüztutmalary;

  2. Türkmenistanyň kabul ediji guramalarynyň we hemişelik daşary ýurt wekilhanalarynyň ugry boýunça Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin şol guramalaryň hem-de wekilhanalaryň ýazmaça ýüztutmalary;

  3. gulluk we işewürlik maksatlary bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin saparlaryň gulluk we işewürlik häsiýetlerine güwä geçýän zerur resminamalary goşmak bilen kabul ediji guramalaryň ýazmaça towakganamasy;

  4. zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan berlen Türkmenistanda işlemäge bolan rugsatnamasy;

  5. hususy işler boýunça Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin fiziki şahslaryň bellenilen görnüşdäki çakylygy ýa-da daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň ýazmaça towakganamasy;

  6. Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin barylýan ýurduň wizasy bolan ýol resminamasyna goşulan şahsy arzasy;

  7. syýahatçylyk maksady bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin şahsy arzasy ýa-da kabul edýän syýahatçylyk guramasynyň ýazmaça towakganamasy;

  8. Türkmenistana okamak maksady bilen gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin okuw mekdepleriniň ýazmaça towakganamalary;

  9. lukmançylyk barlagyndan geçmek we bejeriş üçin Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin şahsy arzasy we saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen hem-de şol adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň zerurlygyny tassyklaýan resminamalar;

  10. daşary ýurt döwletleriniň halkara gatnawlarynda ýolagçylary gatnadýan we ýükleri daşaýan ulag serişdeleriniň ekipažlarynyň düzümine girýän fiziki şahslar üçin şahsy arzasy ýa-da kabul edýän guramanyň ýazmaça towakganamasy;

  11. daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam wizany resmileşdirmezden Türkmenistana gelen we onuň çäklerinde bolýan halatynda, şeýle hem wizanyň ýatyrylmagy ýa-da hereket ediş möhletiniň tamamlanmagy bilen baglanyşykly bolýan halatynda şol adamlaryň çykyş wizasynyň berilmegi baradaky şahsy arzasy.

Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanda kabul edýän ýuridik we fiziki şahslar, guramalar bellenilen görnüşdäki ýazmaça ýüztutmalary resmileşdirýärler we olar wiza ýüztutmasy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna iberilýär.

  

1. Daşary ýurt raýatyna ýa-da  raýatlygy bolmadyk adama wizalary resmileşdirmek üçin aşakdaky resminamalar tabşyrylýar:

  1. Bellenen görnüşdäki arza 3 nusgada 

  2. Eger kärhana ministrlikler ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen baglaşylan şertnama boýunça daşary ýurt raýatyny ýa-da raýatlygy bolmadyk adamy çagyrýan bolsa, kärhana bilen şertnama baglaşan ministrlik ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasy bilen ylalaşmak talap edilýär;

    3. Kärhananyň dörediş resminamalarynyň kepillendirilen göçürme nusgalary;

    4. Daşary ýurt raýatynyň pasportynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň (ýol resminamasynyň) göçürme nusgasy;

   5. Daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň çagyrylmagynyň maksadalaýyklygyny görkezmek bilen, kärhananyň işi barada maglumat 

 

2. Daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň wizasynyň möhletini uzaltmak üçin  aşakdaky resminalar tabşyrylýar:

  1. Bellenen görnüşdäki arza 4 nusgada 

  2. Eger kärhana ministrlikler ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen baglaşylan şertnama boýunça daşary ýurt raýatyny ýa-da raýatlygy bolmadyk adamy çagyrýan bolsa, kärhana bilen şertnama baglaşan ministrlik ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasy bilen ylalaşmak talap edilýär;

     3. Kärhananyň dörediş resminamalarynyň kepillendirilen göçürme nusgalary;

     4. Daşary ýurt raýatynyň pasportynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň (ýol resminamasynyň) göçürme nusgasy;

    5. Daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň çagyrylmagynyň maksadalaýyklygyny görkezmek bilen, kärhananyň işi barada maglumat 

 

3. Hususy wizalaryň möhletini uzaltmak üçin aşakdaky resminamalar tabşyrylýar:

  1. Bellenen görnüşdäki arza 4 nusgada 
  2. Kabul edýän adamyň we daşary ýurt raýatynyň pasportynyň göçürme nusgasy;
  3. Garyndaşlygyny tassyklaýan resminama.

 

 

4. Daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň wizasynyň we  rugsatnamasynyň möhletini uzaltmak üçin aşakdaky resminamalar tabşyrylýar:

  1. Bellenen görnüşdäki arza 4 nusgada 

  2. Eger kärhana ministrlikler ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen baglaşylan şertnama boýunça daşary ýurt raýatyny ýa-da raýatlygy bolmadyk adamy çagyrýan bolsa, kärhana bilen şertnama baglaşan ministrlik ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasy bilen ylalaşmak talap edilýär;

     3. Daşary ýurt raýatynyň pasportynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň (ýol resminamasynyň) göçürme nusgasy;

     4. Borçnama;  

     5. Kärhanada işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň atma-at sanawy we olaryň arasyndaky göterim san gatnaşygy;

    6. Ýolbaşçy wezipelere çagyrylýan adamlar üçin baş kompaniýanyň müdiriýeti tarapyndan berlen, eýeleýän wezipesini tassyklaýan resminama talap edilýär;

      7. AIDS (WIÇ-ýokanç) barlagynyň güwänamasy;

     8. Kärhananyň dörediş resminamalarynyň, alyp barýan işini amala aşyrmaklyga rugsat berýän resminamalarynyň we hereket edýän şertnamalarynyň göçürme nusgalary;

     9. Eger kärhana ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň görnüşini amala aşyrýan bolsa, ygtyýarnamanyň göçürme nusgasy.