Bütin ýurdumyz maşka çykýar

Ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we edara-kärhanalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýerlerde önümçilik maşklaryny ýerine ýetirdiler. Bu iri möçberli çäre şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem-de häzirki wagtda ýarpy ýoluny geçen we ýaryşlaryň başlanmagyna galan 250 güni sanap başlan atly ýörişe gabatlanyp geçirilýär.

17 atlynyň gatnaşmagynda ahalteke bedewlerinde Döwlet baýdagy, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagy hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşany bilen tutuş ýurdumyzyň çäginden geçýän 500 günlük atly ýörişiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guraldy.

Tutuş ýurdumyzda bu örän iri ýaryşlaryň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýar, sebäbi V Aziýa oýunlary bu ugurda görlüp-eşidilmedik bäsleşikler bolar. Birinjiden, bu oýunlar yklymyň çäklerinden çykar. Aziýanyň ýurtlaryndan başga-da, oňa Okeaniýa ýurtlarynyň ençemesi gatnaşar. Mundan başga-da, Oýunlaryň maksatnamasyna sportuň 21 görnüşiniň girizilmegi hem özboluşly rekord sandyr.

Şeýle iri möçberli bäsleşikleriň ýokary derejede guralmagy Türkmenistanyň halkara sport derejesindäki abraýyny belende göterer. Aziadanyň öň ýanynda Aşgabat iri ýaryşlaryň, şol sanda dünýä Aziýa çempionatlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär.