Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde 2016-njy ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2017-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2016-njy ýylyň jemleri jemlendi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklary we görkezmeleri babatda şu döwürde ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlendi.

Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň howpsuzlygyny we asuda durmuşyny üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek bilen bagly meseleler girizildi we 2017-nji ýyl üçin esasy çäreler we wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümleriniň Aziýa ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, ýaryşlaryň geçirilýän günlerinde degişli tertip-düzgüniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelerde wajyp orun eýeleýändigini belledi. 

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň çäklerinde “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň söweşjeň baýdaklaryny döretmek we olaryň teswirlerini hem-de şekillerini tassyklamak hakyndaky” Permana gol çekdi.