Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärlerine güwänamalar gowşuryldy

2017-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hataryna işe täze kabul edilen, Gullugyň Merkezi edarasynyň Okuw bölüminde migrasiýa babatynda hünär taýýarlygyny üstünlikli geçen harby gullukçylaryň nobatdaky tapgyryna okuwy tamamlandyklary barada güwänamalaryň gowşurylyşy hem-de olara ilkinji harby atlaryň dabaraly ýagdaýda dakylmagyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, Milli Goşunymyzyň goranyş ukybynyň ýokarlandyrylmagy hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwreplaşdyrylmagy, ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanylmagy, Watanymyzyň goragçylary we olaryň maşgalalary üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy bilen baglanyşykly işler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn harby özgertmeler hut şu maksatlara gönükdirilendir.

Mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda duran harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagy barada hem döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Migrasiýa gullugynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen Gullugyň Merkezi edarasynyň binýadynda döredilen Okuw bölümi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bölüm Gullugyň harby gullukçylaryny ýokary medeniýetlilik, päk ahlaklylyk, Türkmenistana, türkmen halkyna we Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylyk ruhunda terbiýelemek, olary hünär taýdan taýýarlamak, harby tälim bilen baglanyşykly okuwlary geçirmek işlerini alyp barýar.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň Okuw bölüminde ýokary hilli hünär taýýarlygyny geçen harby gullukçylar dabaraly çäreleriň tamamlanmagy bilen, Watanymyza, hormatly Prezidentimize hemişe wepaly gulluk etjekdiklerine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň goragynda eserdeň durjakdyklaryna kasam etdiler.