Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly - beýik maksatlara tarap

2017-nji ýyl ýurdumyz üçin şanly ýyl bolar, ozaly bilen, ýurdumyz üçin adaty bolmadyk waka bolup, ol ylalaşdyryjy döwlet hökmünde onuň halkara ornuny giňeltmäge, Türkmenistanyň sport abraýyny artdyrmaga hem-de ilatyň saglygyny berkitmek boýunça hemmetaraplaýyn işe uzakmöhletleýin itergi bermäge gönükdirilendir. Ol Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bolup, olar sentýabr aýynda Aşgabatda gurulýan hem-de Orta Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginde geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda boljak uly wakalary nazara almak bilen, ony “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýen şygar astynda geçirmegi teklip etdi. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan, ýyly ol ýa beýleki jemgyýetçilik – ähmiýetli mowzuga bagyşlamak barada esasyny goýan ajaýyp däbi dowamyna eýe bolup, ýurdumyzyň häzirki ösüşini we rowaçlygyny, halkymyzyň abadançylygyny, her bir adamyň mümkinçiliklerini açýan durmuş gymmatlyklarynyň many- mazmunyny özünde jemledi.

2017-nji ýylyň şygarynda iki düşünje – sagdynlyk we ruhubelentlik sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi kanunalaýyklykdyr: sagdyn adam ägirt uly meýilnamalary düzmek bilen çäklenmän, eýsem, olary amala aşyrmak höwesine hem eýe bolýar. Sagdyn jemgyýet – bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär, ol ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaý hem-de durnukly ösüş, raýat we demokratik kämilligi bolup durýar. Şeýle jemgyýet özboluşlylygyny saklap, däp-dessurlaryna, gymmatlyklaryna ygrarlylygyny saklaýar hem-de oňyn özgertmelere açyk bolan öňdebaryjy täzelikleri höwes bilen kabul edýär.

Aziýa oýunlary - munuň özi ägirt uly sport baýramçylygy bolup, oňa häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça taýýarlyk görülýär. Şunda ýurdumyzyň sport durmuşynda durmuşa geçirilýän çäreler yzygiderli dowam edýär. Aziýa oýunlary milli sportuň ösdürilmeginde täze tapgyry açar. Bu ýaryşlar sporty wagyz etmekde, tälimçileri we halkara derejeli eminleri, sport lukmanlaryny, psihologlary, ahyrky netijede bolsa, kämil türgenleri taýýarlamakda uly tejribe toplanylmagyny, bu ugurda ýokary netijelere eýe bolunmagyny üpjün eder. Oýunlaryň guraljak meýdançalary, türgenleşik geçiriljek toplumlar halkara görkezijilerine kybap derejede taýýarlanylýar.

Şeýle hem bu çäreler ýurdumyzyň gözelligini, köpöwüşginliligini, halkymyzyň myhmansöýerligini dünýä açyp görkezmäge, Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygyny beýan etmäge mümkinçilik berer. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň baş şygarynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen üç söz bilen aňladylýandygy bellärliklidir.