Türkmenistanyň Prezidenti täze ýylyň öňýanyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 29-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň tamamlanýandygyny we 2017-nji ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyrýan Täze ýyl baýramçylyk çärelerine gatnaşdy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimizi milli parlamentiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar.

Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri döwlet Baştutanymyzy bu röwşen baýram bilen gutlap, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, öňde goýlan ähli ägirt uly meýilnamalaryň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin çäksiz gujur-gaýrat arzuw etdiler.

Hoşniýetli arzuwlar we şu ýylda bitirilen asylly işler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary Täze, 2017-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we Täze ýylyň umyt-arzuwlaryň amala aşýan, rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýän ýyla öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylda bu döwür üçin ähli göz öňünde tutulan maksatnamalaryň amala aşyryljakdygyna, bellenilen sepgitlere we maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirip, ýygnananlary we bütin halkymyzy ýene bir gezek Täze ýyl bilen gutlady.

Soňra baýramçylyk şüweleňi ýaýbaňlandyryldy, onuň maksatnamasyna sungatyň dürli görnüşleri boýunça aýdym-saz, tans çykyşlary girizildi, olarda döredijiligiň dürli taraplary açylyp görkezildi hem-de folklor çeşmeleri häzirkizaman estrada äheňleri bilen sazlaşygy emele getirdi.