Kik-boksing boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty

Köpugurly “Galkynyş” bedenterbiýe sagaldyş sport toplumyndakik-boksing boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi, oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ençeme türgen gatnaşdy. Sport baradaky döwlet komitetiniň we Kik-boksing boýunça federasiýanyň guran bu birinjiliginiň jemleri boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyzyň deslapky düzümi saýlanyp alnar.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy 63,5 kilogram derejede ikinji ýere mynasyp bolan  Gadam Abdyýewiň  üstünligini bellemelidiris.

2017-nji ýyl “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýen şygar astynda geçer. Täze ýyl Türkmenistan üçin baş sport çäresi bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bäsleşiklerine beslener, mälim bolşy ýaly, bu Oýunlar yklymyň çäklerinden hem çykar – oňa diňe bir Aziýa ýurtlarynyň toparlary däl-de Okeaniýa ýurtlarynyň türgenleri hem gatnaşar. Munuň özi şu derejeli ýaryşlar üçin görlüp eşidilmedik ýagdaýdyr. Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleriniň 20-den gowrak bolmagy hem onuň aýratynlygydyr.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary derejeli sporty ösdürmek, olimpiýa oýunlarynda we beýleki abraýly halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan türgenlerimizi we tälimçilerimizi höweslendirmek döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridir.

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda sportuň sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, basketbol, tennis, ýeňil atletika, jiu-jitsu görnüşleri boýunça halkara synag ýaryşlary geçirildi.