Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda gurnalan Täze ýyl baýramçylyk çäresine gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna geldi. Bu ýerde Täze ýyl şüweleňiniň baýramçylygy dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýaş türkmenistanlylary hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisini Täze ýyl bilen gutlady we ösüp gelýän ýaşlara oňat okap, ýurdumyzyň mynasyp raýatlary bolup ýetişmegi, şadyýan we hemişe bagtly bolmagy arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň körpe nesilleriň hemmetaraplaýyn, sazlaşykly ösmegi  ugrunda yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalaryň döwrebap bilim almagy dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy üçin zerur şertleriň döredilendigini,

Owadan bezegler hem-de Täze ýyl öwüşginleri bilen ajaýyp bezelen uly zalda joşgunly aýdym-sazly, tansly we goşgy setirleri ýaňlanan ajaýyp çykyşlar ýaýbaňlandy. Bu ýerde Aýazbaba dabara gatnaşyjylary arçanyň daşyna düzülmäge çagyrýar we Täze ýyla bagyşlanan döredijilik-zehin bäsleşigini açýar.Bu bäsleşikde çagalar aýdym aýdýarlar, goşgy okaýarlar, tans edýärler.

Ýurdumyzyň ussat we çeper höwesjeň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly, tansly çykşlary baýramçylyk konsertiniň güllerden boglan çemeni emele getirdi. Şonda ýaş artistler öz zehinini görkezdiler. Joşgunly mukamlar belent heňde ýaňlanýar, halk aýdymlarynyň yzy üzülmeýär, nusgawy eserleriň häzirki zaman görnüşde işlenen sazlary ýaňlanýar, tans sazynyň joşgunly depginleri hemmeleri agzybirlik bilen tans etmäge iterýär.

Ýaş tansçylar we aýdymçylar tomaşaçylary şowhunly çykyşlary we özüne çekijiligi bilen bendi etdi, degişme sahnalaryny ýerine ýetiren körpeler bolsa hemmelere egsilmez gülki we oňat, hoşniýetli degişmeden mähirli duýgulary bagyş etdi. Şeýle degişmeler adaty durmuşymyzda hemişe orun alyp, sadalygynyň we tebigylygynyň parasady bilen bezeýär.

Döredijilik bäsleşigiň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň agtyklary hem çykyş edip, ýokary derejeli di-jeý ajaýyp saz guralynda (Pioneer DJ)   şowhunly sazlary ýerine ýetirdiler. Olar şeýle hem tans etdiler hem-de iňlis dilinde aýdym aýdyp berdiler. Döwlet Baştutanymyz bolsa ýaş ýerine ýetirijileriň joşgunly hereketleiniň üýtgeýşini hem-de olaryň döredijilik ylhamlarynyň pursatlaryny inçelik bilen duýup, aýdymyň sazyny ýerine ýetirdi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça onuň ähli görnüşleriniň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy. Baş baýragyň eýesine bolsa sylag hökmünde äpet tort gowşuryldy. Ýeňiji bu sylagyny Täze ýyl baýramçylygynyň hemme myhmanlary bilen paýlaşdy.