Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy

2016-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalar bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp dabaralaryň şatlygyny paýlaşdy. 

Şu günler bu ýere köpsanly çagalar, şol sanda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalar ýygnanýar. Baş arçanyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmaga çakylygy oňat okaýanlar, ders bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri hem-de çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalar aldylar.

Döwlet Baştutanymyz işiniň köpdügine garamazdan, Baş arçanyň ýanyndaky Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşmak üçin wagt tapyp, her ýyl kanagatlanma bilen barýar. Hormatly Prezidentimiz çagalar bilen gürrüňdeş bolmagy halaýar hem-de atalyk mähri we aladasy bilen garaýandygy sebäpli olaryň ählisi döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden ynanmak bilen jogap berýärler.

Ýaş artistleriň-aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlanýar. Olar çykyşlaryny şatlykly we täsin hereketler bilen ýerine ýetirip, bu ýere ýygnananlaryň ählisinde göwünaçyklyk we ruhubelentlik döredýär. Döwlet Baştutanymyz çagalaryň çykyşlaryna kanagatlanma we uly gyzyklanma bilen syn etdi. Olaryň zehinleri ählimizde buýsanç döredýär. Sebäbi öz başarnyklaryny amal etmek üçin hemme mümkinçiliklere eýe bolan zehinli ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän durmuş we bilim özgertmeleriniň netijeliliginiň iň oňat görkezijisidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hemmeleriň söýgüli baýramçylygynyň şatlygyny çagalar bilen paýlaşdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy çagalaryň şatlygyna şatlyk goşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalara bagtyýar Täze ýyly, gyşky dynç alşy ajaýyp geçirmegi, okuwlarynda üstünlik, ýürekdäki arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edip, olaryň ählisiniň iň oňat milli däplerimizi mynasyp dowam etdirijiler, ata-babalarymyzyň parasatly öwüt-nesihatlarynyň mirasdüşerleri hem-de Watanymyzyň hakyky eýeleri bolup ýetişjekdiklerine, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine özleriniň goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.