Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2016-njy ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň işi barada hem-de   Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyga saýlanmagy bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi. Möhüm ugurlardaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän  daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak bilen, bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürmek arkaly energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Şu ýylyň 25-26-njy noýabrynda Tokioda Energetika Hartiýasynyň  Konferensiýasynyň mejlisiniň jemlerinde ýurdumyz 2017-nji ýylda şu guramanyň konferensiýasynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.

Bu baradaky borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 2017-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda guralmagy meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen degişli guramaçylyk komitetini döretmek boýunça Kararyň taslamasy taýýarlanyldy, ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň   Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanmagynyň ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydygyny belläp,  Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de tutuş dünýäde  parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp meseleleriň netijeli çözülmegine işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we ony tutuş dünýäde abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýan ýurdumyz adamzadyň bähbidine kybap  gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna  we ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen deňhukukly hem-de uzakmöhletleýin esasda ýola goýýan gatnaşyklary hut şu maksatlara gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, degişli resminama gol çekdi we ýurdumyzyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna  Başlyklyk etmeginiň  ýokary derejesini üpjün etmek babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.