Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Täze taryhy eýýam özygtyýarly döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, halkara abraýyny belende galdyrmaga hem-de dünýä ulgamynda eýeleýän ornuny berkitmäge, halkara bileleşigine işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmelere beslendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ählumumy parahatçylygyň we dostlugyň dabaralanmagynyň bähbidine dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýär.

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly ýene-de bir kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýurdumyz dünýäniň iň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. Munuň özi gadymdan bäri dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerýän türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy bolup durýar.

Türkmenistana gelýän dürli derejedäki daşary ýurt wekiliýetleriniň sanynyň yzygiderli artmagy, ýurdumyzda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň, hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň, wekilçilikli halkara, ylmy maslahatlarynyň, giň möçberli medeni çäreleriň we dünýäniň ähli künjeklerinden myhmanlaryň gatnaşmagynda beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň  2015-nji ýylyň aprel aýynda  2016-2018-nji ýyllar üçin BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji Geňeşiniň düzüminу saýlanylmagy Türkmenistanyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornunyň hem-de ähmiýetiniň artýandygyny tassyklady. Şu ýylyň     5-nji aprelinde Türkmenistan abraýly halkara guramalarynyň birbada üç düzümine - 2017-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň ösüş maksadynda ylym we tehnika baradaky komissiýasynyň, 2016-2020-nji ýyllar üçin ilat we ösüş komissiýasynyň hem-de 2017-2021-nji ýyllar üçin durmuş taýdan ösüş komissiýasynyň düzümine saýlanyldy.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy we geosyýasy ýagdaýlara oňyn täsirini ýetirýän ýörelgeleri dünýä bileleşigi üçin ýyl-ýyldan has-da äşgär bolýar. Milli Liderimiziň çuňňur esaslandyrylan we dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan başlangyçlary has möhüm ugurlardaky netijeli gatnaşyklaryň anyk mümkinçiliklerini aýan edýär.