Habarlar

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan harby talyplaryň gutardyş dabaralary geçirildi 

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi açyldy

2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolan Daşoguzda Halkara ylmy-amaly maslahat geçýär

Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik pariýasynyň Merkezi komitetiniň daşary aragatnaşyklar ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabatda Gyrgyz Respublikasynyň biziň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy 

Türkmenistanda alymlaryň Halkara maslahaty geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministrini kabul etdi

Aşgabatda türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi boldy

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň işewürleriň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Angola Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministrini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Owganystanyň Hyrat welaýatynda bina edilen çaga dogrulýan öýüň açylyş dabarasy boldy 

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine seretdiler

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

Biometrik maglumatly pasport

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy 

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyny düzgünleşdirmek, migrasiýa babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän döwlet dolandyryş gullugy bolup durýar.

Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 6133 belgili karary esasynda  Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugy ady bilen döredildi. Gulluga Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlarynyň giriş-çykyşyny hasaba almak, olaryň ýurduň çäginde bolýan salgylary boýunça hasabatyny ýöretmek, olara Türkmenistana gelmek-gitmek üçin wiza, ýaşamak üçin ygtyýarnama, ýurduň çäginde işlemäge rugsatnama resmileşdirmek ýaly wezipeler ýüklenildi.

Gulluk 2004-nji ýyldan başlap türkmen raýatlarynyň ýurduň Döwlet serhedinden giriş-çykyşyny hasaba almak, 2005-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, Türkmenistanyň raýatlygyna dikeltmek, Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak  boýunça resminamalary kabul etmek we olary taýýarlamak, Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurda hemişelik ýaşamaga göçüp gitmek üçin rugsatnamalary resmileşdirmek bilen bagly işleri hem ýerine ýetirmäge başlady.

2008-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugynyň ady Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy diýlip üýtgedildi. 2008-nji ýylyň iýulyndan başlap, Gulluga ýene bir täze wezipe: Türkmenistanyň raýatlaryna biometrik maglumatly pasport resmileşdirmek wezipesi ýüklenildi.